logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahally daýhanlar ýygym möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar
  03.10.2022
1001
Ahally daýhanlar ýygym möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda, Ahally pagtaçy daýhanlar gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, häzirki jogapkärli günlerde ýygym möwsümini guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki günlerde welaýatda ýygym möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Pagta ýygymynda welaýatyň Gökdepe etrabynyň pagtaçylarynyň çekýän zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Etrabyň pagtaçy daýhanlary şu ýylda 6 müň 500 gektardaky ekine maňlaý derlerini siňdirip, bereketli hasyly kemala getirdiler.


Watanymyzyň «ak altyn» harmanyna ýokary hilli pagtanyň 12 müň 500 tonnasyny goşmagy belent maksat tutunan etrabyň janypkeş daýhanlarynyň arasynda «Yzgant», «Babarap», «Gökdepe», «Hurmantgökje» daýhan birleşikleriniň ýer eýeleri ýygymy depginli alyp barmakda aýratyn tapawutlanýarlar. Yzgantly pagtaçylar 484 gektar ýerden «ak altynyň» 930 tonnadan, babaraply daýhanlar 605 gektardan hasylyň 1 müň 163 tonnadan, «Gökdepe» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary 705 gektardan 1 müň 348 tonnadan, hurmantgökjeli ýer eýeleri 145 gektardan 278 tonnadan gowrak pagtany ýygnap almagy borçnama edindiler.