Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Lew XIV ady bilen täze Papa saýlandy ✦ ✦ Türkmenistan tarapyndan daşary döwletlerde gurlan bilim edaralary ✦ ✦ Hytaý 5,4 müň metr meýdanda innowasion merkezi bolan muzeý gurdy ✦ ✦ Ekologiýa arassaçylygy - durmuşyň kepili ✦ ✦ Türkmen agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda jemi 12 medala eýe çykdylar ✦ ✦ Hytaýda bütindünýä robotlar oýunlary geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzda pile ýetişdirmek boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşundaky Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp ýatlama duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Watan gahrymanlaryna şöhrat ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi  pagta hasylyny ýangyndan goramalydygyny ýatladýar!
  15.10.2022
723
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi  pagta hasylyny ýangyndan goramalydygyny ýatladýar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy döwrebap ýangyn söndürijiler we ýöriteleşdirilen tehnikalardyr beýleki zerur bolan enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Bu zatlar Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň netijeli we tutanýerli işlemegine giň mümkinçilikleri açýar.

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi ýetişdirilen pagta hasylyny üstünlikli ýygnamak we ony ýangyndan goramak boýunça aşakdakylary ýatladýar:

- Ýetişdirilen pagta hasylynyň ýygymyny üstünlikli geçirmek üçin, ilkinji nobatda, oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan pagta ýygymyna gatnaşýan tehnikalaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine, ýangyna garşy göreş çäreleriniň geçirilmegine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir we olar sürüjileriň arasynda düşündiriş işlerini geçirmelidir. Pagta ýygymyna gatnaşýan tehnikalar, hökmany ýagdaýda, keçe, pil, çarşak, ot söndüriji enjamlar bilen doly üpjün edilmeli;

- Tehnikalaryň sürtülýän, çendenaşa gyzýan ýerlerine pagta übtükleriniň düşmezligi üçin, olara mehanizatorlaryň öz wagtynda gözegçilik etmegi zerurdyr. Oba hojalyk tehnikalarynyň elektrik geçirijileri mäkäm örtülip, berkidilip, her hili zeper ýetmelerden goralmalydyr. Pagta ýygymyna gatnaşýan tehnikalarda näsazlyk ýüze çykan halatynda, bejeriş-abatlaýyş we ýag-ýangyç guýmak işlerini geçirmegi, hasylly meýdandan azyndan ýüz metr aradaşlykda, takyr ýerde ýerine ýetirmelidir;

- Pagta açyk meýdançalarda buntlarda saklanylmaly. Buntlaryň ýangyna garşy araçäkleri otuz metr bolmaly. Pagta buntlaryna on metrden az bolan araçäkde mehanizasiýa enjamlaryny ýerleşdirmek, pagta harmanlarynyň çäginde awtoulag serişdelerine çalgy ýagyny, ýangyç guýmak, pagta ýükleýjileri näsaz ýagdaýda ulanmak, uçgun söndüriş enjamlary bolmadyk awtoulaglary harmanlaryň çägine goýbermek gadagan edilýär. Pagta hasyly daşalanda awtoulaglaryň, traktorlaryň nowalarynyň üstüne ýüklenen pagtany syk dokalan mata bilen örtmezden daşamak, awtoulaglary, traktorlary uçgun söndüriş enjamy ýok halatynda ulanmak, üç sany tirkegden köp daşamak talabalaýyk däldir!