logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ahal welaýatynyň etraplarynda we şäherlerinde täze jemgyýetçilik desgalary gurlar
  30.03.2022
1132
Ahal welaýatynyň etraplarynda we şäherlerinde täze jemgyýetçilik desgalary gurlar

Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda we Tejen şäherinde milli maksatnamalara laýyklykda medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalary (hassahanalar, saglyk öýleri, çagalar bagy, umumybilim berýän mekdepler) gurar.

Ilatly ýerleriň suw we lagym, elektrik üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtoulag ýollaryny (köçeleri) suw we lagym arassalaýjylary gurmak, şeýle hem hereket edýänleriniň durkuny täzelemek we olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bolan hem-de resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.

Ähli isleg bildirýän ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ibermeli: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Änew köçesiniň 4-nji jaýy. (Welaýatyň Düýpli gurluşyk müdirligi).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 137) 33-4-17, 33-5-40. Faks belgisi: (+93 12) 57-43-27.