Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Agyz bir bolsa köňül jem bolar
  10.05.2022
666
Agyz bir bolsa köňül jem bolar

Agşamlyk edinmäge ýygnanan maşgalanyň bir saçagyň daşyna jem bolmagy buýsandyrýar. Saçakdaky naz-nygmatlara “Bissimilla” diýip, ilkinji bolup el uzatmak türkmen däbine görä öýüň ýaşulusyndan başlanýar. Nahar başynda kän gürlenmeýär. Iýip bolanyňdan soň, eliňi ýuwup täzeden saçak başyna geçip, çaý içilşikde gürrüň başlanýar, durmuşda, okuwda, işde bolup geçen gündelik täzelikler bilen tanyşylýar. Agtykdyr çowluk ata-enesiniň gujagyna dolup, täsin gürrüňleri berýär. Ulular bolsa döwletli işleriň maslahatyny edýär. Daş-töwereginde bolup geçýän hereketlere ata-enäniň guwanjynyň çägi ýok. Maşgalada bagtyýarlyk, agzybirlik höküm sürýär. Bu bolsa türkmen maşgalasynyň binýadynyň berkliginden nyşan. Türkmen maşgalasy her bir döwürde-de özüniň agzybirligi, sabyrlygy, wepalylygy, zähmetsöýerligi, bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi, çaga dünýä inenden, onuň gulagyna ene hüwdüsi bilen bilelikde ynsanperwerlige ýugrulan häsiýetler baradaky düşünjeleri guýupdyrlar. Ata-babalarymyz maşgalada “Çaga eziz, edebi ondan hem eziz” diýen nakyla hem-de milli ýol-ýörelgelere eýermek bilen edepli perzentleri kemala getiripdirler. Birek-birek bilen salamlaşmagyň, görüşmegiň, halahwal soraşmagyň her bir ynsan üçin edebiň başydygyny, onuň sogapdygyny ündäpdirler. Daş-töweregiňe mähirli, mylaýym garamak, sada bolmak, iliňi-günüňi söýmek, bir iş tutulsa eliňden gelen kömegi bermek, ýagşylyk etmek, Watanyňy, topragyňy edil ata-eneň deý mukaddes saýmak, dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, goňşularyň bilen agzybirlikde gatnaşmak, sabyr-kanagatly bolmak perzende ata-enäniň göreldesinden geçýän ýagşy gylyk-häsiýet bolup, nesilleriň aňyna ornaýar. Şeýle gylyklaryň höküm sürýän ýerinde hemişe agzybirlik bolup, köňüller hem jem bolýar. Şu ýerde pedelerimiziň “Sabyr- müşgil işleriň açary, ýeňşiň esasy bölegidir”, diýen pähimlerini ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek. Zandyna, aslyna wepaly halkymyzyň perzentleri pähimlere eýlenen ýörelgeleri gyşarnyksyz berjaý edipdirler. Ata-enäniň görüm-göreldesi olar üçin terbiýe mekdebi bolupdyr, sebäbi ol mekdep ahlak düşünjelerinden we mukaddesliklerden gözbaş alýar. Atadan ogla, eneden gyza geçýän şol pähim-paýhaslara eýerýänleriň özünden önen perzentleri hem asylly ýörelgeleri dowam etdirýäler. Bu bolsa maşgala ojagynyň abraýly, belent belent ruhly bolmagyna getirýär. Maşgaladaky agzybirlik nesiller üçin dowamat bolmak bilen, ol şol ojaga gelin bolup düşen zenanlar üçin hem ýörelge bolýar.
       Gadym zamanlarda köp çagaly bir maşgala bolupdyr. Olar esasan, çarwadarlyk bilen meşgullanypdyrlar. Kakalary çopan-çoluklar bilen köplenç mal üstünde bolupdyr. Ejeleri bolsa çaga terbiýelemek, öý hojalygyny dolandyrmak işi bilen gümra eken. “Kämil ynsan kemalyndan belli” diýilşi ýaly, bu maşgalada bar bolan sekiz çaganyň hemmesi düşbüje, edepli, akylly bolup kemala gelipdirler. Ejesi iki gyzyna el işlerini, nahar bişirmegi, myhman kabul etmegi, garaz, gyz maşgalanyň durmuşda berjaý etmeli işlerini irginsiz öwredipdir, oglanlar bolsa mal bakmak, aw awlamak işlerine üns beripdirler. Kakalary goşdan gelen wagtlary ogullaryna “Mert elinden her iş geler, namartdan hiç iş bitmez” – diýip olaryň gulaklaryna hemişe mert bolmalydygy baradaky gürrüňleri guýupdyr. Wagtyň geçmegi bilen çagalar ýetişip, özleri özbaşdak öýişik bolýarlar, iki gyz durmuşa çykýar, alty oglan bolsa ata-enesiniň golaýjygynda jaý gurnup ýaşaberýäler. Bular köpelýäler. Çagalarynyň sözi azaşyp, sene-mene edişselerem, ulular olaryň arasynda goşulanokmyşlar, çagalaryň dawasy-da derrew ýatlaryndan çykyp ýene-de bileje oýnaşyp ýörmüşler. Bu maşgalanyň agzybirligine köp kişiniň gözi gidýär. Käbir görip aýallar “Dil-den gelen, ýelden gelmez” diýip, gelinleriň arasyndan çöp atjak bolup, gep gezdirýäler. Emma gelinler “Göribiň tutan guşy bolmaz” diýlen pähime eýerýärlerde, gep-gybata ynanmaýalar.
         Bir gün bu döwletli maşgalanyň oglanlary, gelinleri gaýyn öýlerinde jem bolup, çaý başynda gyzykly söhbet edýärler. Şonda oglanlarynyň biri:
         -Maşgalamyzyň, çagalarymyzyň agzybirligi ýigitleriň agzybirligindendir-diýipdir. Bu gürrüňi diňläp oturan ene:
         -Siziň agzybir bolmagyňyz gowy zat, ýone ähli zadyň başy gelinlerdedir. “Oglum gowy bolandan, gelnim ýakymly bolsun” diýilýändir. Gelinlerimiziň öz öýlerine wepalylygy sizi şu derejä ýetirendir. Orny törde gelinlerim, abraýyňyz has belent bolsun-diýipdir.
         -“Agyz bir bolsa, köňül bir bolýandyr” onsoňam,”Çagany ýaşdan, edebi başdan” diýip, ata-babalarymyzyň zandymyza, ganymyza guýan pähimlerine daýanmak hemişe ýadyňyzda bolsun, sebäbi ýaşlykda gursagyňa guýlan ýagşy zatlar ömrüňe  ýoldaş bolýandyr-diýip, maşgalanyň ýaşulusy nesihat edipdir.
         Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk hem ýokary göterjek mynasyp nesliň terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda möhüm işler üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa döwletli türkmen ojaklaryndan milli terbiýäniň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.