logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /ABŞ-da «guş dümewi» bilen baglanyşykly wakalar köpelýär
  20.10.2022
1287
ABŞ-da «guş dümewi» bilen baglanyşykly wakalar köpelýär

ABŞ-da guş dümewi bilen baglanyşykly wakalar 2015-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä çykdy. Bu epidemiýanyň diňe guşlarda däl, eýsem ýabany guşlarda-da giňden ýaýrandygy anyklandy.

ABŞ-nyň Milli ýabany tebigat saglyk merkeziniň iň soňky hasabatyna görä, şu ýyl «H5N1» görnüşli guş dümewi netijesinde ýurtda ýerleşýän fermalardaky towuklar şeýle-de hindi towuklary heläk boldy.

«H5N1» görnüşli guş dümewi ilkinji bolup Demirgazyk Amerikada ýüze çykdy. Keseliň ýabany tebigatdaky guşlara degmegi bilen guş dümewi beýleki sebitlere hem ýaýrady.

ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrliginiň beren hasabatyna görä, guş dümewi häzirki wagtda 47 milliondan gowrak öý we ýabany guşa ýokuşdy. Kesel 542-den gowrak guş sürüsine, ABŞ-nyň 42 ştatyna ýaýrady.

ABŞ-nyň Milli ýabany tebigat saglyk merkezi tebigata çykylanda we guş eti alnanda aşa seresap bolmagyny duýdurýar.