logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /5 IYUN - DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
  02.06.2022
1333
5 IYUN - DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Gurama häzirki zamanyň ähliumumy meseleleriniň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň has utgaşykly işlemäge bolan maksatlaryny özünde jemleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi biziň ýurdumyzda  döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürildi we mähriban topragymyzyň gülläp ösmegini, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlarynyň dikeldilmegini, olara mukaddeslik hökmünde garalmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet  maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak hem-de bu bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň geljegi ýaş nesillermizde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine bolan söýgi döredýär we tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamaklyga biziň her birimizi borçly edýär. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, jemgyýetiň durmuş – ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini saklap galmak baradaky başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy
Döwran Ýagşygeldiýew