logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /32 ýyldan soň «Microsoft Office» markasy ýapylýar
  15.10.2022
1425
32 ýyldan soň «Microsoft Office» markasy ýapylýar

Microsoft şereketi «Word», «Excel», «Outlook», «PowerPoint», «OneDrive» ýaly işewürlik we öndürijilik maksatly programmalarynyň esasy markasy bolan «Office» brendinde taryhy üýtgeşme girizýär.

«Microsoft»-yň 1989-njy ýylda dürli operasion ulgamlar we platformalar üçin hödürlän «Microsoft Office» programma üpjünçiligi taryha girýär. ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi tarapyndan berlen beýanata görä,  indi öz ornuny «Microsoft 365» brendine galdyrýar.

«Microsoft 365» öz işine noýabr aýyndan başlaýar. Ýöne Windows operasion ulgamyndaky we mobil telefonlardaky «Office» programmasy 2023-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işlär. Ondan soňra bolsa «Microsoft Office»-iň deregine «Microsoft 365» brendli progammalar geler.