logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /16-njy noýabr - El işleriniň bütindünýä güni
  16.11.2022
742
16-njy noýabr - El işleriniň bütindünýä güni

El işleri, el bilen bir zadyň döredilmegini öz içine alýan hünäriň bir görnüşidir. Elbetde, el işleri irginsiz zähmet talap edýär, emma muňa garamazdan, onuň bilen meşgullanmagy başarýanlar öz zähmetinden ruhy lezzet alýarlar. Elbetde, el işleriniň ägirt uly artykmaçlygy bar. Öz eliň bilen döredilen zatlaryň ählisi adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Her ýylyň 16-njy noýabrynda El işleriniň bütindünýä gününiň dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilmegi muňa has-da şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda el işleriniň görnüşleriniň sanawy gaty uludyr. Has gadymy sungat görnüşleriniň biri sapaklardan edilýän el işidir we çiş önümleriniň bu görnüşiniň sanawy gaty giňdir.

Pederlerimizden miras galan el işleriniň iň naýbaşylarynyň biri hem türkmeniň keşdeçilik sungatydyr. Häzirki wagtda gadymy ýol-ýörelgelerimize eýerýän gyz-gelinler dürli keşdeler bilen sünnälenip bejerilen lybaslary ürç edip geýýärler. Biziň şeýle mähribanlyga ýugrulan milliligimize diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä döwletlerinde-de uly hormat goýulýar. Başyna kürte atynan gelinleri, elýaka köýnekli, akgaýma tahýaly ýigitleri, milli nagyşlar sünnälenip keşdelenen keteni köýnekli zenanlarymyzy göreniňde milli keşdeçilik sungatyna buýsanmazlyk, asla mümkin däl. Ýeri gelende aýtsak, türkmeniň «Keşdeçilik sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak üçin hödürlenildi. Bu bolsa, milli mirasymyza dünýä derejesinde uly ünsüň berilýändigini aňladýar.

Goý, döredijiligiňiziň her biri sungat eseri bolsun, mähriban zenanlar! 

 

Aýgül HALLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.