logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Science and Education /145 sany okuw jaýyn tamamlan professor Partiban
  28.05.2022
1366
145 sany okuw jaýyn tamamlan professor Partiban

Hindistanly 50 ýaşly professor 145 sany okuw jaýyny tamamlaýar.Ýöne şonda-da ol dowam işini dowam etdirmekden ýadanok..
50 ýaşyn garşylan Hindistanly professor Partiban, 30 ýyl  içinde jemi 145 sany okuw jaýyny tamamlaýar.Häzirde bolsa, Hindistanyň Çennaý şäheriniň dürli kollejlerinde 100-den gowrak ders boýunça talyplara ders berýär.
-“Men 30 ýyl içinde hakykatdan hem, 145 sany diploma eýe boldum–diýýär professor  Partiban .Emma bu bilen çäklenemok .Iş günleri talyplara ders berýän,ýekşenbe günleri haýsydyr bir okuw  jaýyna giriş ýa-da aralyk synaglaryny tabşyrýan.Bilim alýan döwrümde hemme zada göz ýetirmek isleýärin çagalygymdan bäri bu zatlar men-de endige öwrülen” diýýär.
Partiban esasan hukuk,ykdysadyýet, sungat we ýene-de birnäçe ýöriteleşen okuw jaýlaryny tamamlapdyr.Häzir köpläp kollejlerde şol ugurlar boýunça ders berýär.Ýöne bir gynançly tarapy professor alym bir gören adamyny, ýa-da salgyny ýadynda saklap bilmeýär.Transoportda awtobus , ýa-da ýeňil ulaglara münende kimdir birinden ulagyň haýsy salga barýanyny soramaýan gezegi ýok diýen ýaly.Käwagt ol haýsy okuw jaýyna, haýsy dersi okatmana gelenini-de ýadyndan çykaryp goýberýän eken.Partibanyň aýaly bankda işleýär.Onuň aýaly-da dokuz ders boýunça dissertasiýa eýe bolan.

Serdar Sopyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy