logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /ZENANLARYŇ MASLAHATY
  16.02.2020
836
ZENANLARYŇ MASLAHATY

      Babadaýhan etrabynyň medeniýet merkezinde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda edara-kärhanalarynda, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän işewür zenanlaryň şeýle-de mährem eneleriň gatnaşmagynda “Arkadagly Watanyň  -  buýsançly zenanlary” şygar astynda   dabaraly maslahat geçirildi. Türkmen gelin –gyzlarynyň asylly häsiýetlerinden, çeper elliliginden, edep-ekramlylygyndan, jemgyýetde tutýan orundan söhbet açýan çykyşlar bu maslahatyň özenini düzdi.

 Maslahatyň barşynda etrap häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasynyň başlygy M.Nökerowanyň mährem enedir mamalarymyzyň geçmişden geljege ýol salan hünärli, zenanlary bezeýän edep-terbiýe häsiýetleri, eziz Diýarymyzda zenanlaryň mertebesiniň belende göterilişi baradaky çykyşy juda täsirli boldy.

 Maslahatyň dowamynda şeýle mazmunly çykyşlaryň ençemesi diňlendi. Şol çykyşlarda edepli-ekramly, hoş sözli, terbiýeli bolmagyň zenanlara mahsus bolan gylyk-häsiýetlerdigi aýratyn  nygtaldy. Asyllylygyň, maşgala ojagyna wepalylygyň asyl nusgasynyň türkmen gelin-gyzlarynda jemlenendigi hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşyjylar zenana goýýan belent sarpasy, zenanlarymyzyň döwrebap şertlerde bilim almagy, zähmet çekmegi, nesil terbiýelemegi ugrundaky taýsyz tagallasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 Oňa gatnaşyjylar türkmeniň milli lybaslary, el işleri, haly we keçe önümleri, taryhy we milli gymmatlyklar bilen baglanyşykly taýýarlanan sergiler bilen tanyşdylar. Sergilerde kitap we döwürlenýin neşirler, şekillendiriş sungatynyň eserleri hem köpleriň ünsüni özüne çekdi.