logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Culture /Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi
  23.07.2025
1196
Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar.  


2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem BMG-niň beýleki gyzyklanma bildirýän agza ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmek göz öňünde tutuldy. Şu möhüm halkara forumyna taýýarlyk işleri häzirki wagtda giň gerimde alnyp barylýar. Bäş gün dowam etjek forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


Bu gün çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek foruma bagyşlanyp, Ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň, zenan mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Sergide türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygyny, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milliligimizi ýaşlara görkezildi. Ýakynda geçiriljek maslahatyň çäginde bolsa çeperçilik akademiýasy häzirki wagtda talyp ýaşlarymyzyň eziz Diýarymyzyň ajaýyp gözelligini, parahat we asuda ýaşaýyş durmuşyny, halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy döwrüni, dürli döwletler bilen medeni we söwda aragatnaşygyny şekillendirýän eserlerinden sergisini gurnamagy meýilleşdirýär.

Tawus GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.