logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Poetry /Ýürege barýan sözler..
  25.02.2023
1519
Ýürege barýan sözler..

«Serpaý» - bu bir ýöne kitabyň ady däl, ondan has uly manyny gerdenine atynyp ýyllaryň şatysyna döz gelen, şygyrlaryň saýawany bolan, olary paýhas eleginde eleýe-eleýe başy bitin nesillere ýetiren şygyr goragçysy.

Şahyryň ömür kitabynyň soňky sahabynda ýazlan setirleri okanyňda, öz sesiň içiňe sygmany daşyňa çykaranyňy duýman galýaň: 

Söýüň meni-siziň sadyk guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý.
Men size bahasyz serpaý ederin-
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
 

Halnabat gelneje  ýatlamalarynyň birinde şahyryň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny mydama sesli okaýandygyny, bolşuny geňläninde bolsa «Islendik şahyry içiňden okap bolar, emma bu içiňe syganok» - diýip jogap berýändigini gürrüň berýär.

Magtymguly Pyragyny halypasy saýan  Gurbannazar Ezizowyň goşgularynam şeýle okap geçip bolanok, olary okadygyňça, sesiňe bat bereniňi, käbir setirlerde aýdyma hiňleneniňi duýman galýaň. Ezizowyň her sözüni ýürekden syzdyryp ýazan goşgulary ýüreklerde orun tapdy. Edil şahyryň arzuw edişi ýaly, türkmen halky şahyr ogluny kalby bilen söýüp, deregine ullakan serpaýyň eýesi boldular. Özem ol serpaý her bir ynsana ýapylan serpaý. Her ynsanyň ömründe alan iň ýakymly sowgatlarynyň naýbaşysy, ýüreklerinde ýer tutan üýtgeşik peşgeş.

Ussadyň goşgulary mydama okyjysynyň ýüregine jüňk bolýar. Sebäbi olaryň her setiri ýürekden çykyp ýürege barýan sözler... 

 

Annabeg AÝMAKOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.