Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklary netijeli ösüşiň ýolunda
  25.03.2023
976
Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklary netijeli ösüşiň ýolunda

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz Watanymyzyň şan-şöhraty, ösüşdir özgerişleri ýylsaýyn ýokarlanýar, halkara jemgyýetçiligindäki at-abraýy hem barha artýar, muňa medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde sarpalanmagy, ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawynda orun almagy hem aýdyň mysaldyr. Türkmenistan ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşulmagy-da ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyz geljek nesiller üçin dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy, medeni, tebigy gymmatlyklary gorap saklamak ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýar. Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň çäginde bar bolan özboluşly taryhy desgalar – Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý galasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle-de «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, türkmen keşdeçilik sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi. Milli ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi diýseň guwandyryjydyr. Şeýle-de Köýtendagyň dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna, ÝUNESKO-nyň «Adam we biosfera» maksatnamasynyň we «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri alnyp barylýar. ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly işler hem kalplarda milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjy goşalandyrýar. Şeýle hem Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak baradaky işlere hem uly orun berilýär.

Bulardan başga-da ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralarynyň, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Medeni miras — geçmişden geljege», Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Daşky gurşawy goramak: ýaşlarda ekologiýa bilimi we medeniýeti ösdürmek» kafedralarynyň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça işler geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylygyň dilleri» we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň medeniýeti», şeýle hem biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO klublary açyldy. Munuň özi bolsa, medeni mirasymyzy gorap saklamakda hem dünýä ýaýmakda oňyn şert döredip, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmekde eziz ýurdumyzyň eýeleýän ornuny has hem pugtalandyrmaga uly ýardam edýär. 

 

Ýakup MÄMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.