Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Kömekçi agronom işe çagyrylýar! ✦ ✦ Bedew - türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Ýewropada howanyň temperaturasy üýtgeýär ✦ ✦ Zyýanly mör-möjeklere garşy gurçukly gel oýlap tapdylar ✦ ✦ Magtymguly Pyragy - köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Apofis asteroidiniň Ýere golaý aralykdan geçmegine garaşylýar ✦ ✦ OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi ✦ ✦ Türkmen seýisçilik sungaty ✦ ✦ Türkmen talyplary «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara olimpiadasynda 17 medal gazandy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzyň ulag logistikasy ösüşiň ýolunda
  15.04.2023
450
Ýurdumyzyň ulag logistikasy ösüşiň ýolunda

Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti hökmünde uly üns berilýän köpugurly ulag düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bu ulgamda milli uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli taslamalar amala aşyrylyp, gara we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, onuň täze ugurlaryny gurmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ulag we aragatnaşyk ulgamyny özgertmek, toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen başy başlanan işler aýdyň netijesini berýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek wezipelerini ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. Munuň özi bolsa, ählumumy we sebit ulag-üstaşyr ulgamynyň batly depginde ösdürilmegi bilen şertlendirilýär. Şeýle eksportyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi döwletimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Häzirki wagtda ulag ulgamynyň ösüşi bilen söwdanyň ösüşiniň arasyndaky özara baglanyşyk barha pugtalanýar. Ulgamda alnyp barylýan başlangyçlaryň esasy maksady ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini hem-de sebit boýunça tebigy üstaşyr köpri bolup durýan ulag düzüminiň ägirt uly kuwwatyny doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr. Ösen ulag ulgamy ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Şeýle-de halk hojalyk toplumynyň durnukly ösüşi üçin demir ýol gatnawlary uly ähmiýete eýedir. Ulagyň bu görnüşi nebit we nebit önümleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda artykmaçlygyny saklap galýar. Şonuň üçin bu ugruň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we oňa innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň maksady onuň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap halkara howa menzilleriniň ulanylmaga berilmegi bu ulgamyň ösdürilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň mysalydyr. Munuň özi Watanymyzyň sebitiň iri ulag-logistika merkezi, yklymlary birleşdirýän möhüm halka hökmünde ornuny pugtalandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Çünki geljegi has-da uly bolan ulag ulgamy dünýä ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ruhunda ösýän netijeli gatnaşyklary kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde ulag ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk Arkadagly Serdarymyzyň durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

 

Selbinýaz BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.