logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşi ileri
  30.05.2023
1015
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşi ileri

Berkarar döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny işjeň ýagdaýda ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatdaky asylly işler ýeňişli menzilleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle ugurlarda gazanylýan özgerişler täze Galkynyşyň miwesidir. Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly goruna eýe bolmak bilen, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň ösen hem kuwwatly pudaklarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny has hem döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly üns berilýär, oňa ägirt uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, pudagyň innowasiýa babatda ösüşi hem yzygiderli üpjün edilýär, netijede Türkmenistan ýurdumyzyň tutuş dünýä ýüzündäki kuwwatly energetika döwleti hökmündäki eýeleýän orny hem pugtalanýar. Üstünlikli alnyp barylýan ýangyç-energetika syýasaty esasynda energiýanyň uly möçberini dünýä ýurtlaryna çykarmak, nebitgaz infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek ugrunda alnyp barylýan çäreler netijeli häsiýete eýe bolýar.

Nebitgaz toplumynda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hem işjeň ýagdaýda amala aşyrylýan iri taslamalar munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Şeýle-de ol durmuş hem-de ynsanperwer, dostlukly halkara ugurly möhüm wezipeleri çözmäge, parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän nebiti hem-de tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek babatda uly işler amala aşyrylýar. Eziz ýurdumyz häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde mawy ýangyjy iberýän esasy döwletleriň hatarynda durýar. Bu babatda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň giň ulgamyny döretmek bilen, nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Dürli ugurly elektrik geçirijileriniň hem-de halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlaryň gurluşygynyň ýola goýulmagy türkmen döwletimiziň nebitgaz pudagynyň oňyn gazananlarynyň beýanydyr. Ýurdumyzda we sebit derejesinde nebitgaz pudagyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, döwletimizi ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

 

Muhammetmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.