Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan mähriban halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny aýap saklamak, has-da baýlaşdyrmak we tutuş dünýäde giňden wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu asylly ýörelge ata Watanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemek möhümdir. Häzirki güne çenli ençeme taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy ýadygärlikler, halkymyzyň edebi mirasynyň naýbaşy nusgalary ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan görnükli orun alan bu keramatly ýerler dünýä medeniýetiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylda ata Watanymyz ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna «Görogly» dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda «Küştdepdi» türkmen milli aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda dünýä nusga nepislik türkmen milli halyçylyk sungaty, 2021-nji ýylda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, şeýle-de gözelligiň, reňkleriniň hem çeperçiligiň özboluşly sazlaşygy bilen hemmeleri haýrana goýýan türkmen keşdeçilik sungaty bu abraýly sanawdan orun alan naýbaşy nusgalardyr.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, 23-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly ilkinji mejlisi geçirilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda gözel şäherimiz Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Munuň özi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik bölegi hökmünde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçesini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere uly orun berilýär. Görnüşi ýaly, Türkmenistan ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň medeni ugurdaky hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelmek bilen, däp bolan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin täze-täze mümkinçilikler açylýar. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň gadymy Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Munuň özi bu şähere özüniň baý taryhyny, medeni mirasyny we syýahatçylyk kuwwatyny görkezmäge mümkinçilik berer, şeýle-de Türkmenistanyň ajaýyp ýerlerini dünýäde giňden wagyz etmäge goşant goşar. Şeýle-de biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO kluby açyldy. Munuň özi, medeni mirasymyzy gorap saklamakda hem dünýä ýaýmakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde oňyn şert döredip, halkara ylmy hem medeni gatnaşyklary giňeltmekde eziz ýurdumyzyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga şert döredýär.
Umuman, dünýä halklary, abraýly guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistan Watanymyzyň daşary syýasy ugrunyň aýrylmaz bölegi bolup, durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda üstünlikli ösdürilýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary, medeni diplomatiýany giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär.
Mähri ŞYHYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutyň Zenanlar guramasynyň başlygy.