logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /Ýurdumyzyň käbir welaýatlarynda balyk tutmak möwsümi çäklendirildi
  24.03.2022
1056
Ýurdumyzyň käbir welaýatlarynda balyk tutmak möwsümi çäklendirildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň ýazynda Garagum derýasynda we Ahal welaýatynyň çägindäki ähli suw howdanlarynda, Türkmenistanyň günortasyndaky beýleki suw howdanlarynda, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çäginden başga ähli suw howdanlarynda we köllerinde, şeýle-de Mary welaýatynyň çägindäki suw howdanlarynda we köllerinde balyk gorlaryny gorap saklamak we yzygiderli köpeltmek üçin olaryň işbil taşlaýan döwründe, ýagny 20-nji martdan 15-nji maýa çenli aralykda balyk tutmagyň gadagan edilendigi barada habar berýär.

Şeýle hem, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çägindäki suw howdanlarynda we köllerinde bolsa 2022-nji ýylyň 16-njy aprelinden 21-nji maýa çenli balyk tutmak gadagan edildi.

Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň ýerlerdäki bölümleriň ýörite kesgitlenýän suw howdanlarynda höwesjeň we sport maksatly balykçylara 3 (üç) çeňňekden köp bolmadyk çeňňekler, zyňma çeňňekler we spinningler bilen balyk tutmaga rugsat berilýändigini habar berýär.