Berkarar döwrüň döwletli döwranynda, ösüşleriň goýnunda milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk we senagat toplumy Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli maksatnamalaryny, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» yzygiderli durmuşa geçirmekde wajyp orny eýelemek bilen, ol okgunly ösýän möhüm ulgam hökmünde ykrar edilendir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ençeme döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş, medeni we sport maksatly desgalar we beýleki köp sanly durmuş ugurly binalar ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ägirt uly binagärlik toplumlary, iň kämil, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalary gurulýar. Olar galkynyşly eýýamyň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanydyr. Eziz diýarymyzyň çar künjeginde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. Ýurdumyzyň baş şäheri, ak şäherimiz Aşgabat Watanymyzyň güýç-kuwwatynyň artýandygynyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp derejede dowam etdirýän beýik özgertmeleriniň üstünliklere eýe bolýandygynyň güwäsidir. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ähli künjeginde döwrebap ýol-ulag ulgamy, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlarynyň tutuş toplumy döredildi. Şunuň bilen birlikde, döwrüň döwrebap şäheri, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi bolan Arkadag Şäheriniň ýokary depginde alnyp barylýan gurluşygy we şeýle-de bu giň gerimli taslamanyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bellenmäge mynasypdyr.
Ak bagtyň şäheri – Arkadag şäheriniň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. Türkmenistan Watanymyzda öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň giň görnüşleri gurluşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça importyň ornuny tutýan kuwwatlyklary döretmek, eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmegine uly üns berilýär, ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, bereketli topragymyzyň ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça netijeli işler ýola goýulýar. Bu bolsa önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini köpeltmäge oňyn ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän önümçilikleri tehniki-ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmaga, döwrebaplaşdyrmaga, durkuny täzelemäge, ýöriteleşen täze zawodlary, kärhanalary gurmaga gönükdirilen uly işler alnyp barylýar. Tutuş Diýarymyz boýunça gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Bina edilýän desgalaryň binagärligiň milli däplerini hem-de häzirki zaman şäher gurluşygynyň tejribelerini özünde jemleýändigi guwandyryjydyr. Munuň özi, eziz Watanymyzyň gurluşyk-senagat pudagynyň döwür bilen aýakdaş gidýändigine şaýatlyk edýär.
Abdyresul ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.