Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew - türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly halkara bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ Ýewropada howanyň temperaturasy üýtgeýär ✦ ✦ Zyýanly mör-möjeklere garşy gurçukly gel oýlap tapdylar ✦ ✦ Magtymguly Pyragy - köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Apofis asteroidiniň Ýere golaý aralykdan geçmegine garaşylýar ✦ ✦ OIOIUS — 2024: II Açyk halkara informatika olimpiadasyna badalga berildi ✦ ✦ Türkmen seýisçilik sungaty ✦ ✦ Türkmen talyplary «SEEMOUS-2024» 18-nji Halkara olimpiadasynda 17 medal gazandy ✦ ✦ Tejen etrabynda küşt we şaşka boýunça sport ýaryşy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýurdumyzy senagat taýdan döwrebaplaşdyrmak ösüşiň möhüm ugrudyr
  12.04.2023
475
Ýurdumyzy senagat taýdan döwrebaplaşdyrmak ösüşiň möhüm ugrudyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin möhüm ädimler ädilýär. Senagat toplumyny ösdürmekde giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amal edilip, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi milli strategiýanyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen asylly maksatlara uly orun berilýär. Arkadagly Serdarymyz ösüşiň täze döwründe mähriban Watanymyzyň asudalygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaklygy üpjün edýän ynsanperwer döwlet syýasatyny alyp barýar. Bular bilen birlikde, nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine we onuň halkara energetika ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen işler mynasyp kemal tapýar. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça innowasion önümçilikleriň kemala getirilmegi, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň ösdürilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Ata Watanymyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir. Nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemekde ýöriteleşdirilen döwrebap toplumlaryň gurulmagy, ençeme geljegi uly känleriň, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň sanly tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň ulanylmagynyň hasabyna senagat taýdan özleşdirilmeginiň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Bu ugurda gözleg işlerini giňeltmek, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek täze usullary we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak möhüm wezipelerdir. Daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek ýangyç-energetika ulgamynda döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp barmak üçin ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Ýurdumyzda Gün we ýel energiýasyny peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligi mundan beýläk-de ösdüriler, «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryna maýa goýumlaryň mukdary artdyrylar. Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagat we durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we barha rowaçlandyrmaga ýardam berýär. 

 

Toýly SETDAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.