logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi batlanýar
  16.05.2023
1101
Ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi batlanýar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwrebap ulag ulgamyny, üstaşyr logistik düzümini batly depginde ösdürmek babatda uly işlere badalga berilýär. Ata Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda ulag ulgamynyň goşandy örän uludyr. Milli ykdysadyýetimiziň bu pudagy batly depginler bilen ösdürilip, döwletimiziň ösüşler bilen kuwwatlanmagyna uly ýardam berýär. Soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler, geçmişde şöhratlanan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça amala aşyrylýan başlangyçlar durnukly ösüşe itergi berýär. Ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan halkara ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Dostlukly ýurtlara uzaýan demir, awtomobil ýollarynyň, elektrik geçiriji ulgamyň, optiki-süýümli halkara ulgamlaryň işe girizilmegi diýseň buýsandyryjydyr. Ulag ulgamynda daşary ýurtlar bilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ata Watanymyzyň yklymlary birleşdirýän möhüm halka hökmünde ornuny pugtalandyrmak boýunça uly işleri durmuşa geçirmegiň ýolunda uly sepgitdir. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ulag we aragatnaşyk ulgamyny özgertmek, toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen başy başlanan işler aýdyň netijesini berýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek wezipelerini ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin bu ugruň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we oňa innowasiýa usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň maksady onuň düzümini döwrebaplaşdyrmakdan hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap halkara howa menzilleriniň ulanylmaga berilmegi bu ulgamyň ösdürilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň mysalydyr.
Biz hem, umumadamzat ähmiýetli beýik başlangyçlara badalga berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, batly gadamlarynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

Aýbek MAŞARIPOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň 4-nji ýyl talyby.