logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Ýurdumyzda halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
  16.03.2024
668
Ýurdumyzda halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler

Şu ýylyň 10-11-nji aprel aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Iňlis dili» dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde «Makroykdysadyýet» hem-de 16-njy maýda «Dünýä ykdysadyýeti» boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny, 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny, 15-nji aprel – 1-nji maýy aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigini, 6 – 11-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny, 11-nji maýynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy» dersi boýunça II halkara Açyk internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Şeýle hem Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22 – 25-nji maýda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Şu ýylyň 4-5-nji iýunynda bolsa, Ylymlar güni mynasybetli Aşgabatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

 

Halkara çärelerini ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny guramaçylykly üpjün etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen sylaglanylar.

 

Merjen TAGANGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.