Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýüpek gurçugy
  20.06.2022
1500
Ýüpek gurçugy

         Önümçilik işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwründe oba hojalygynda ýüpek gurçugyny ösdürip ýetişdirmek we ondan yokary hilli önüm almak boýunça taýýarlyk görülýär. Ýüpek gurçugy kadaly şertleriň döredilmegi bilen ýaşaýyşa ukyply bolup, ol uzak wagtyň dowamynda tebigaty seçgiler esasynda emele gelendir. Şonuň üçin ýüpek gurçugynda daşky şertlere bolan kesgitli talap emele geldi. Ýüpek gurçygynyň ýaşaýyşy üçin howanyň kadaly temperaturasy we çyglylygy, iýmit meýdany, iýmitiň hili we möçberi ýaly şertler zerurdyr. Ony ösdürip ýetişdirmek diňe daşky gurşaw bilen arabaglanyşykda amala aşyryp bolar. Öň belläp geçişimiz ýaly, ýüpek gurçugynyň ýaşaýyşy üçin birnäçe zerur şertler gerek. Şolaryň üstünde aýratyn durup geçsek has-da netijeli bolar.

Temperatura. Ýupek gurçugynyň bedenindäki madda çalşygy üçin kesgitli temperaturasy zerurdyr. Organiki maddalaryň, esasan hem bedeniň dokumlaryndaky süýjüniň okislenmegi ýylylygyň esasy çeşmesidir. Okislenme ýagdaýy näçe güýçli bolsa, şonça-da ýylylyk emele gelýär. Ýylylygyň daşky çeşmesi barada aýdylanda bolsa-ol Gün şöhlesidir, onuň ýetirýän täsiri bolsa ikinji derejededir. Ýüpek gurçuklarynyň tohumyny tomus möwsüminde saklamagyň iň amatly ýagdaýy 24-250C aralygydyr. Gurçuga öwrülme bolsa 10 gradusda boluup geçýär.

Çyglylyk. Ýupek gurçugynyň kadaly ösüş üçin çyglylyk hem zerurdyr. Temperaturasy näçe aşak düşse howanyň çyglylygy ýokarlanýar. Bedende bolup geçýän madda çalşygy howanyň çyglylyk derejesine baglydyr. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapragynyň 75%-i suwdan ybaratdyr. Bu suwyň bir bölegi gurçygynyň içegesi tarapyndan sorulyp alynýar, suwuň galan möçberi bolsa bedeniň daşyna nejasat bilen bile çykýar. Sorulyp alnan suwuň 40%-i buga öwrülýär, galan 60%-i bolsa bedende galýar.

Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişi. Ýüpek gurçugynyň iýmitlendirilişinde iýmit meýdanynyň ölçegi onuň ösüşine we kadaly iýmirlenişine uly täsir edýär. Ol meýdanyň kiçi bolmagy gurçuga az iýmit ýetmegine getirýär, berlen iým bolsa nejasatlar arkaly hapalanylýar. Gurçuklaryň gür ýagdaýda ýerleşmegi bir-birine zeper ýetirip biler, olaryň aýaklaryndaky dyrnajyklar bilen biri-birine ýaralap bilerler. Bu bolsa olaryň ganynyň hapalanmagyna getirmegi mümkin. Öňdebaryjy ýüpekçiler iým berilýän 70-80 çenli hasyl artýar. Ýüpek gurçygynyň iýmiti bolan tut agajynyň ýapraklarynyň düzüminde esasan uglerod, kislorod, wodorod we azot ýaly himiki elementler bar. Bu himiki elementler dürli birleşmeleri emele getirýär.Olar organik we organik däl topara bölünýärler. Ýüpek gurçugy iýmitlenýän döwründe beloklar, ýaglar, uglewodlar, duz, suw ýaly dürli maddalar onuň üçin energiýa çeşmesi. Şeýle hem olar ýüpek gurçygynyň dokumasynyň gurluşy üçin başlangyç material bolup hyzmat edýärler. Iýmitlendirmegiň dowamlylygy 150C-de 60 günden gowrak, 170C-de – 52 gün, 200C-de – 37 gün, 220C-de – 27 gün, 250C-de – 23 günde, 270C-de – 20 gün, 300C-de – 19 gün 11 sagat, 320C-de – 19 gün 15 sagat dowam edýär.

Häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ýüpek gurçygyny ylmy taýdan öwrenmekde we kämilleşdirmekde dürli görüşli ylmy işler alnyp barylýar.