logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Saglyk /Ynsan ömrüni uzaldýan üç önüm
  19.05.2022
1569
Ynsan ömrüni uzaldýan üç önüm

Bilermenleriň geçiren synaglaryna görä, önümleriň arasynda gyzyl sogan, petruşka hem-de käşir uzak ýaşamagyň möhüm çeşmesidigi ýüze çykaryldy. Bu önümler özüniň düzümi boýunça baý bolup, peýdaly häsiýetlere eýedir. Olaryň düzüminde flawonoidler, antioksidant birleşmeler köp saklanýar. Bu bolsa beden öýjükleriniň goraglylygyny artdyrýar, immun ulgamyny güýçlendirip, ömri uzaldýar.

Gyzyl sogan antioksidant maddalaryň, askorbin kislotasynyň özboluşly ammarydyr. Ol güýçli antiseptiki önüm bolup, bedendäki minerallaryň işjeňligini artdyrýar, metabolizmi kadalaşdyrýar, gan aýlanyşyna gözegçilik edýär hem-de beden öýjüklerini zyýanly mikroblardan goraýar.

Käşiriň düzüminde karotinler, süýüm maddalary köp bolup, beden öýjükleriniň işjeňligini, geçirijiligini ýokarlandyrýar. Käşiriň görüşi güýçlendirýändigi bize öňdenem tanyş bolsa gerek. Esasan hem käşiriň şeker hem-de duz ulanmazdan guradylan ýagdaýy has-da peýdalydyr. Käşirden taýýarlanan dürli ýapgylar kosmetologiýada giňden peýdalanylýar.

Petruşka özünde köp möçberde kaliý saklaýar. Gipertoniýanyň, ýagny gan basyşynyň ýokarlanmagynyň öňüni alýar, immuniteti güýçlendirýär. Şeýle hem onuň şiresi süňkleri berkidýär, petruşkanyň 2-3 sany ýapragynyň dem alyşy kadalaşdyrmaga täsiri bar. Onuň düzüminde iki sany esasy antioksidant birleşme bolan mirisetin we apigenin bar.

Petruşkanyň 100 gramy özünde şulary saklaýar:

- Belokly maddalar 2,9 gr;
- Ýaglar 0,80 gr;
- Uglewodlar 6,3 gr;
- Kletçatka 3,3 gr;
- Suw 88 gr;
- Dürli minerallar 6-140 mg

Şu önümler bilen birlikde beýleki gök önümdir miweleri gündelik iýmit düzgünimize girizmek bilen beden saglygymyzy saklap bileris.

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.