Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylymly-bilimli ýaşlar - ýurdumyzyň röwşen geljegidir!
  10.11.2022
526
Ylymly-bilimli ýaşlar - ýurdumyzyň röwşen geljegidir!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada, olaryň ylym-bilimli bolmaklary baradaky durmuşa geçirilýän beýik işler buýsandyryjy wakalardyr. Ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň intellektual we döredijilik mümkinçilikleriniň, şeýle hem, şahsy kämilliginiň doly açylmagy üçin amatly gurşawy döretmegiň möhümdigini hormatly Prezidentimiz yzygiderli nygtaýar. Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň beýik göreldesine eýerip, hemişe Watanymyzyň ösüşlerine buýsanyp okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler we zähmet çekýärler.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek baş maksadymyzdyr. Bu ugurda esasan hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerine, nusgalyk kitaplaryna ýüzlenýäris, milli terbiýäniň asyl köklerine göz ýetirýäris.

Islendik döwletiň kuwwatynyň ykdysady görkezijilerdir tebigy baýlyklar babatda däl, eýsem, öňe çykaryp, ýetişdirip bilen nesilleri bilen kesgitlenilýän häzirki döwürde bu örän möhümdir. Gahryman Arkadagymyz: «Bilim jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň berk binýadydyr» diýip belleýär. Binanyň binýadynyň ilkinji kerpiçlerden düzülişi ýaly, döwletimiziň sazlaşykly ösüşiniň binýadyny bilimli nesilleri kemala getirmekde görýän Arkadagly Serdarymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden bu meseläni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Bu gün türkmen ýaşlary dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim alýarlar. Bu gün türkmen ýaşlary dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilimini dowam etdirmek hukugyna eýe.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz bilim ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýar. Bu babatda sanly bilimiň durmuşa geçirilmegi, dünýä dilleriniň öwredilmegi ýaly asylly işleri aýratyn bellemek bolar. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz hem ýaşlary döwrebap terbiýelemekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmarys. Ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Merjen AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.