logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Science and Education /Ylym — paýhasyň, ösüşleriň açary
  05.11.2022
846
Ylym — paýhasyň, ösüşleriň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň il-ýurt bähbitli ýol-ýörelgelerini doly kemala getirmekde, ony milli aňyýetiň mazmunyna ornaşdyrmakda we halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde ylym-bilimiň örän uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär we ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bu günki ýaşlara gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiz ylmy esasda öwredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly türkmen jemgyýetiniň durmuşyna ýalkym çaýýar.

Ylym bilen baglanyşykly işleriň üstünlikli alnyp barylmagy, ylmy edaralarda we ýokary okuw mekdeplerinde alymlar geňeşleriniň işlemegi ösüşler zamanasynda uly ähmiýete eýe bolýar. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerde, ylmy-barlag edaralarynda aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara her ýyl dalaşgärleriň onlarçasynyň kabul edilmegi beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzyň ylym babatdaky geljegini görkezýär.

«Dil - baýlyk» diýilşi ýaly, biziň institutymyzda hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, talyplara daşary ýurt dilleri dünýä ölçegleriniň kadalaryna we talaplaryna laýyklykda çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Talyplaryň okuw temalaryny we sapaklary doly özleşdirmegi, olara çuňňur düşünmegi, olaryň dünýä dillerinde erkin gürlemegi üçin okuw işi kämilleşdirilýär. Daşary ýurt sözleýiş dilini bilşini we ýazuwy başarnygyny yzygiderli güýçlendirmek, öwrenýän diliniň ýurt taryhyny we medeniýetini öwrenmek hem wajyp wezipeleriň hataryna girýär. Ýokary okuw mekdebiň mugallymlary daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirkizaman usullaryny başarnykly ulanýarlar we okatmakda bilim tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar.

Dil öwrenmek täze bir dünýäni öwrenmek hasaplanýar. Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti aýdyň şöhlelenýär. Munuň özi dünýä dillerini öwrenmek bilen dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik alýandygymyzy görkezýär. Şeýlelikde, ýaşlaryň dil öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär, has-da kämilleşmeklerine ýardam edýär. Bu ugurda üstünlikler gazanmaga, kämil we zehinli ýaşlary ýetişdirmäge Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin döredilýän şertlerden habar berýär.

Ähli amatlyklar döredilen bilim we ylym ojaklarynda zähmet çekmek, ýaşlara bilim bermek, olary saýlan hünärlerine ugrukdyrmak bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Bu egsilmez bagty halkymyza peşgeş eden Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! 

 

Çynar SAPAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.