logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Science and Education /Ylym-bilim özgertmeleri rowaçlanýar
  24.03.2024
505
Ylym-bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň dünýä laýyk derejede döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, hünärli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

 

Ylym-bilim özgertmelerinden gözbaş alýan netijeli işler milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkidip, ösüşlere badalga berýär. Hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmekde ylmyň tutýan orny uludyr. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň çuňňur ylymly-bilimli bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki ajaýyp üstünliklere ýetilýän döwrümizde ýurdumyzyň bilim özgertmeleriniň durmuşa giňden ornaşýandygy hemme ugurlarda aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz halkara forumlaryň, dürli ugurlar boýunça geçirilýän çäreleriň merkezi hökmünde tanalýar. Munuň özi dünýä alymlary bilen tejribe alyşmaga, ýaş hünärmenleri giň dünýägaraýyşly, döwrebap bilimlere düşünýän hünärmenler edip ýetişdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem ylmyň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýär we bu iş häzirki wagtda hem yzygiderli dowam etdirilýär.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky syýasaty Türkmenistan döwletimizi dünýäniň has ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakdan ybaratdyr. Interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil okuw-görkezme esbaplary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe ojaklarynyň bagtyýar nesillerimiziň hyzmatyna berilmegi, ýaşlara berilýän bilimiň many-mazmunynyň baýlaşdyrylmagy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bizi — bilim işgärlerini has-da begendirýär, işimize döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Şeker KADYROWA,

 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky 

Inžener-tehnologiýalar 

uniwersitetiniň mugallymy.