logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Science and Education /Ylym-bilim ösüşleriň özeni
  20.03.2024
463
Ylym-bilim ösüşleriň özeni

Türkmen halkynyň maşgala ojagynda kemal tapan nesiller turuwbaşdan öwrenmeklige, ylym almaklyga werzişdirler. Çünki bu gadymy mekan irki döwürlerde-de ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň örňäp ösen ýeri hökmünde bilnipdir. Muňa şöhratly taryhymyzyň şanly sahyplaryna ser salanymyzda hem anyk göz ýetirmek bolýar.

 

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda baky bagtyýarlyga eýe bolan eziz ilimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ylym-bilimde, sportda, medeniýetde-sungatda ýokary ösüşleri gazanyp, dünýäde parahatçylygy pugtalandyryjy ýurt hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha ilerleýän ata Watanymyzda döwrüň talabyndan ugur alnyp, bilim ulgamyna täzeçil çemeleşmeler girizilýär, häzirki zamanyň öňdebaryjy usullary giň gerim bilen ornaşdyrylýar.   

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary esasynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygynda gazanýan oňyn tejribesiniň buýsandyryjy netijelerini bilim ulgamynda ýetilýän üstünliklerde hem aýdyň görmek bolýar. Ýaşlaryň arasynda olaryň iň başarnykly we ýiti zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen halkara olimpiadalaryny yzygiderli guramak indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Türkmen ýaşlary özleriniň erjelliklerini, bilime bolan ymtylyşlaryny şeýle ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmak arkaly aýdyň subut edýärler we özleri barada edilýän aladalara bu ugurdaky gazanýan guwandyryjy üstünlikleri bilen mynasyp jogap berýärler.

 

Suhrabjan Polatbaýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.