logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Ykdysadyýetçi talyplaryň arasynda startap bäsleşigi geçirildi
  23.03.2024
853
Ykdysadyýetçi talyplaryň arasynda startap bäsleşigi geçirildi

Ýaňy ýakynda, türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň gurnamagynda, ykdysadyýet ugry boýunça ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Startap işewürlik pikirlerini döretmek” atly täzeçil işewürlik meýilnamasyny işläp düzmek bäsleşigi geçirildi.

 

Bäsleşigiň emin-agzalary gatnaşyjylary şu ugurlar boýunça bahalandyrdy:

 

-Taslamanyň maksadyna, wezipesine laýyklygy;

-Taslamany tanyşdyryş derejesi;

-Innowasionlygy;

-Bäsdeşlik artykmaçlygy;

-Girdejililigi;

-Taslamanyň töwekgelçiligi;

-Jemgyýetçilik ähmiýeti

 

Bäsleşige türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, türkmen döwlet binagärlik-gurlyşyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň, türkmen döwlet maliýe institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalar institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar.

 

Talyplar logistika ulgamy üçin mobil programma, “Paintball” toparlaýyn oýuny, serenjam beriji bio-kosmetikany öndürmek, miweli baglary ösdürip ýetişdirmegi maliýeleşdirmek, foto studio önümçiligi, “Şypaly” taslamasy, ýyladyşhana ulgamynyň önümçiligini kämilleşdirmek, web-programma taslamasy, gaty galyndylary gaýtadan işleýän kärhana, 3D printer arkaly awotulag şaýlaryny öndürmek, online fitnes programmasy, sanly ulgam şertlerinde önümçiligi dolandyrmak, galyndylary gaýtadan işleýän zawod ýaly 10-dan gowrak taslamalary bilen çykyş etdiler.

 

Bäsleşikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, şeýle-de “Arassa nusga” hususy kärhänasynyň wekilleri emin-agzalyk etdiler.

 

Bäsleşigiň netijeleri boýunça, 3-nji orny logistika ulgamy üçin mobil programma taslamasy bilen türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Ymamhasan Amanow, 2-nji orny online fitnes programmasy taslamasy bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yhlas Kerimow we Azat Orazgeldiýew, şonuň ýaly-da 1-nji orny gaty galyndylary gaýtadan işleýän kärhana taslamasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag-kommunikasiýalar institutynyň talyby Aşyr Jumagulyýew dagylar eýelediler.

 

Bäsleşigiň ýeňijilerine “Arassa nusga” hususy kärhänasy tarapyndan pul baýraklary gowşuryldy.

 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.