logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Ykdysady üstünlikler – bagtyýar durmuşyň kepili
  26.10.2022
731
Ykdysady üstünlikler – bagtyýar durmuşyň kepili

Berkararlykdan hem bagtyýarlykdan rowaçlanýan döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we eýe bolunýan ösüşler ilatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň esasy kepili bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýylsaýyn ösmegi, durmuş mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň barha ýokarlanmagy, ykdysady görkezijilerde gazanylýan ösüşler raýatlaryň durmuş hal-ýagdaýyny berkitmäge, girdejileri yzygiderli artdyrmaga şert döredýär.

Arkadagly Serdarymyzyň döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy ulgamy bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Bu ugurda gazanylan tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň dürli önümleri öndürmäge we önümçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär.

Geçilen şöhratly, ösüşli ýyllaryň dowamynda döwletimiziň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli aralaşýan ýurtlaryň hataryndaky eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, özgerişiň täze derejesine çykarmak, täze döwrüň täzeçil wezipelerini kanagatlandyrýan başlangyçlary öňe sürýän telekeçilik ulgamyny höweslendirmek, dünýäniň kämil, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny pudaklara ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy ösdürmek arkaly özgertmeleri amala aşyrmak Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Ykdysadyýetiň ösdürilmeginde bazar özgertmelerini yzygider geçirmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuşy, jan saglygy, howpsuz ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan özgertmeleriň esasy maksady «Watan diňe, halky bilen Watandyr, döwlet diňe, halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle oňyn başlangyçlaryň ählisi bolsa Berkarar Watanymyzy rowaçlanýan ak ýollarda batly gadamlar bilen öňe alyp barýar. 

 

Berdi BERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.