Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ykdysady üstünlikler – abadan durmuşyň nyşany
  20.02.2023
641
Ykdysady üstünlikler – abadan durmuşyň nyşany

Hä­zir­ki bagtyýar dö­wür­de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik başlangyçlary ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ösüşlere beslemek, döwrüň talaby bolan san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek, yk­dy­sa­dy ösü­şiň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak ugrun­da ne­ti­je­li iş­ler öňe sürülýär. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň artýandygyny alamatlandyrýan üs­tün­lik­le­r ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len düýp­li öz­gert­me­le­riň wysal tapmagyna esas döredýär.

«Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir» di­ýen be­ýik tag­ly­ma­ty öňe sü­rýän Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz eziz ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­le­re uly ähmiýet berýär. Türkmenistan Watanymyz häzirki wagtda yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem dün­ýä­niň esa­sy se­na­gat döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ýar. Ýur­du­my­zyň se­na­gat-in­no­wa­si­on ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­ler önüm­çi­lik pu­da­gy­na yl­myň hem teh­ni­ka­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy hem-de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ugur­da möhüm se­na­gat des­ga­la­ry­nyň ýokary depginde gu­rul­ma­gy ýur­duň se­na­gat kuw­wa­ty­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­mek bilen, önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly iri des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy hem üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Şeýle hem san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bilen bagly işler köp san­ly tä­ze iş orun­la­ryny dö­re­dýär. Çünki san­ly yk­dy­sa­dy­ýet bilim ulgamy­nyň hem öz­bo­luş­ly ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň ýa­ly-da, bi­lim ojak­la­ry­nyň sa­ny­nyň kö­pel­dil­ip, olaryň döw­re­bap hem-de yl­myň soň­ky ga­za­nan teh­no­lo­gi­ýa­lary bi­len üp­jün edil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet beril­ýär. Bu bolsa  milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň çäklerinde ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek ýo­lun­da edil­ýän iş­le­riň bi­möç­ber­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Umu­man, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sü­rýän şeýle yn­san­per­wer hem döwlet ähmiýetli baş­lan­gyç­la­ry, ýur­du­my­zy has-da ös­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen iri möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ry hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir. 

 

Jeýhun ARAZDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.