logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!» - Amandurdy ANNADURDYÝEW
  04.01.2023
1359
«Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!» - Amandurdy ANNADURDYÝEW

Ak ýüzüňde halyň näme diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Öň göwün az aldanýarmy diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Saçy tokmak, boýy söýe ýalydy,
Goly çeper, dokaýany halydy.
Gözi göz, gaşy gaş, özüň ýalydy,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Özüm sowuk boldum, uçurdym bagtym,
Indi ökünýärin ýatlaýan wagtym.
Topraga gömülip ýatan, eý, altyn,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Duşuşmagy besläp ýörün kalbymda,
Mydamalyk günäli şoň alnynda.
Goşaryň ak bolmasady bolmanda,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Berk tutulýan ýere satanmyşynlar,
Tüýs arzuwlaryna ýetenmişinler.
Bu sözüme ýanmadyklar düşünmez,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Görküň öň görülen eziz görke deň,
Sen haýsy toprakdan, haýsy ülkeden?!
Hem-ä şatlandyrdyň, hemem örtediň,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!