logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /ÝELDEN ALNAN ENERGIÝANYŇ PEÝDALANYLYŞY
  17.04.2023
1172
ÝELDEN ALNAN ENERGIÝANYŇ PEÝDALANYLYŞY

Ýel energiýasy –  howada hereket edýän kinetiki energiýadyr. Bu Günden gelýän energiýa diýsek hem ýalňyşmarys. Sebäbi hereketlenýän ýel Günüň atmosfera howasyny Ýer ýüzüniň hemme ýerinde birmeňzeş däl derejede gyzdyrmagy netijesinde peýda bolýar. Ýelden alnan energiýa kinetiki, mehaniki we elektrik energiýalary görnüşde peýdalanylýar. Häzirki wagtda ýel energiýasy tutuş dünýä ýüzünde gämileriň ýelkenlerini herekete getirmekde, ýerlerde suwaryş işlerini amala aşyrmakda, howa şarlaryny uçurmakda, degirmenleri herekete getirmekde, ýeriň aşagyndan suw çykarmakda, elektrik akymyny öndürmekde giňden peýdalanylýar.

Ýelden energiýa alnanda energiýanyň bir görnüşden başga bir görnüşe geçmek hadysasy amala aşýar. Ýeliň özi kinetiki energiýa eýedir. Ol tok öndürijä gelenden soň, mehaniki energiýa öwrülýär. Elektrik akymyny öndüriji bolsa bu mehaniki energiýany elektrik energiýa öwürýär. Ýel energiýasyndan adamlar gadym döwürlerden bäri peýdalanyp gelipdirler. Ýöne ýelden energiýa almaklygyň hem kemçilikli we artykmaç taraplary bar. Ýel durnuksyz energiýa çeşmesidir. Onuň güýji gysga wagtyň içinde üýtgäp durýar. Ýeliň akymy birsydyrgyn we sazlaşykly däl. Ýel energetiki stansiýalarynda ýelden elektrik energiýasy alnanda uzakwagtlaýyn gaty we ýakymsyz ses peýda bolýar, energiýa almak üçin has köp wagt gerek bolýar. Ýöne başga bir tarapdan ekologiki taýdan arassa we howpsuz energiýa öndürilýär. Ýel nebit, gaz we kömür ýaly energiýa çeşmelerinden tapawutlykda gutarmaýan energiýa çeşmesidir. Ýelden energiýa alnanda daşky gurşawa zyýanly gazlar goýberilmeýär. Bu hem bolsa daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alýar. 

 

Begmämmet DURDYMÄMMEDOW,

Türkmenis
tanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.