logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«ÝAZYŇ BOLAÝYN» - Orazgül KEMENDIROWA
  04.03.2023
1504
«ÝAZYŇ BOLAÝYN» - Orazgül KEMENDIROWA

Ykbalyň baglany, kalbymyň tary,
Ömrüňi gülletjek ýazyň bolaýyn.
Gyşa ýan bermesin öýmüziň töri,
Ojagňy ýylatjak közüň bolaýyn.

Öýke-kinä orun goýman arada,
Ynan maňa, didelerme gara-da,
Aýdym aýt sen baky bagt barada,
Men heňiňe saljak sazyň bolaýyn.

Kalbyma nagş etdim Günüň dogşuny,
Diňle, ýürek joşup, ylham çogşuny,
«Özgä öýkün» diýme, hala bolşumy,
Bolup bilsem, diňe özüm bolaýyn.