logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«ÝAZ GELÝÄR, ÝAZ» - Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.
  22.02.2023
1420
«ÝAZ GELÝÄR, ÝAZ» - Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.

Güllerini ygşyldadyp,
Günlerine asal gatyp,
Damjalardan nagma kakyp,
Bakyň, il-gün, ýaz gelýär, ýaz.

Peller reňňe boýalypdyr,
Daragtlar boý alypdyr,
Serde pikir goýalypdyr,
Bakyň, il-gün ýaz gelýär, ýaz.

Bilbil bary saýraşarlar,
Ter damjalar paýraşarlar,
Gülleň ysy ýaýraşarlar,
Bakyň, il-gün, ýaz gelýär, ýaz.

Älemgoşary keremli,
Sährasy umga-jerenli,
Bu ülkäň  bagy Eremli,
Bakyň, il-gün, ýaz gelýär, ýaz.

Arkadagly Serdar bilen,
Türkmen şanyn jahan biler,
Şol şöhrata şärik bolan,
Bakyň, il-gün, ýaz gelýär, ýaz.