logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaş ykdysadyýetçiler telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdylar
  04.07.2025
1300
Ýaş ykdysadyýetçiler telekeçilik dünýäsi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň Dünýä ykdysadyýeti hünärinde okaýan talyplary üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda tejribe duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda “Döwletli nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň "Ýaş telekeçiler" merkeziniň utgaşdyryjysy Haknazar Haljanow çykyş etdi. Ol ýaşlara sanly tehnologiýalar, önümçilik tejribesi, dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ugurlary, ýaşlyk döwründe mümkinçiliklerden peýdalanmak hem-de bilimiň orny baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Ýaşlaryň telekeçilik dünýäsine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak maksady bilen geçirilen duşuşygyň guramaçylygyna TSTB-nyň Telekeçiler mekdebi hem ýardam etdi.

Bu çäre ýaşlaryň ykdysady taýdan pikirleniş ukybyny ösdürmäge, jemgyýetçilik hem-de işewür ulgam bilen ýakyndan tanyş bolmagyna şert döretdi.