logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýaş alymlar bäsleşigine badalga berildi
  10.04.2024
1214
Ýaş alymlar bäsleşigine badalga berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna laýyklykda ylmyň ähli ugurlaryndan baş çykarýan ýaşlary taýýarlamak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşige badalga berildi.

 

Bäsleşik jemi 6 ugry öz içine alyp, aşakda görkezilen seneleriň tertibi boýunça geçiriler:


1-nji ugur: Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika – 11.04.2024ý.


2-nji ugur: Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika – 12.04.2024ý.


3-nji ugur: Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary – 15.04.2024ý.


4-nji ugur: – Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary – 16.04.2024ý.


5-nji ugur: Innowasion ykdysadyýet – 17.04.2024ý.


6-nji ugur: Ynsanperwer ylymlary – 18,19.04.2024ý.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-88-55.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi