logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer
  23.07.2025
1801
LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer

BMG-niň 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirjek Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasyna gatnaşjaklar üçin döredilen LLDC3 mobil goşundysy zerur maglumatlary tiz we amatly görnüşde elýeterli etmek maksadyny göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Bu goşundy arkaly gatnaşyjylar maslahatlaryň doly tertibi bilen tanşyp bilerler, çykyş edýänleriň terjimehallaryny okaýarlar hem-de möhüm üýtgeşmeler boýunça derrew bildiriş alýarlar. Goşundynyň içine ýerleşdirilen interaktiw karta arkaly maslahatyň geçirilýän ýeri giňişleýin görkezilýär we gatnaşyjylar barada maglumatlar hem elýeterlidir.

 

LLDC3 mobil programmany iOS we Android enjamlar üçin maslahatyň resmi saýtynda berlen QR-kod arkaly ýükläp bolýar.

 

Ulanyjylar programma girenlerinden soňra «Başla» düwmesine basyp, konferensiýa hasaba alnan elektron poçta salgylaryny girizmeli we «Dowam et» arkaly dowam etmeli. Soňra elektron poçta arkaly gelen tassyklama hatyndaky salgyny açyp, degişli baglanyşyga basmaly ýa-da berlen kody gönüden-göni programma girizmeli.

 

Aýna NURMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.