logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaremezanlar - Orazanyň buşlukçysy
  08.03.2024
1454
Ýaremezanlar - Orazanyň buşlukçysy

Ýaremezanlar aýlaryň soltany hasaplanýan Oraza aýynyň gelendigini buşlamak maksady bilen, çagalaryň aýdýan goşgy bentleridir. Ýaremezan aýtmak Oraza aýynda ýerine ýetirilýän däp-dessurlarymyzyň biridir. Meret aýynyň ahyrky gününde Oraza aýynyň gelendigi buşlanyp aýdylýan halk döredijiliginiň ýaremezan görnüşi türkmen halkynyň geçmiş taryhyndan, ýaşaýyş durmuşyndan we ruhy ahwalyndan habar berýär. Bir söz bilen aýdylanda, halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, ýaremezanlarda hem türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Ýaremezanlar — halkyň alkyş-dilegleri, arzuw-umytlary, birek-birege edýän gowy niýetleri.

 

Ýaremezan aýtmagyň düzgünine görä, çagalar ýaremezan bentlerini goňşy-golamlaryň öýlerine aýlanyp ýerine ýetirýärler. Çagalar ýaremezany her öýüň gapysyna baryp, «Baý öýüňize bereket!» diýip, batly sesleri bilen ýaňlandyryp aýdýarlar. Ýaremezan aýdýan çagalar bilen öý eýesiniň arasynda sowal-jogap hem alşylýar. Sowal-jogap çagalaryň aňyny, pikirlenişini ösdürýär, dünýägaraýşyny giňeldýär, synçylyk ukybyny ýiteldýär.

 

Öýüň eýesi ýaremezan aýdan çagalara süýjülik, nogul-nabat paýlaýar. Ýaremezanlarda Oraza aýynyň gelendigine begenç duýgusy, birek-birege myhmansöýerlik, sahylyk, ruhy päklik, ýeneki ýyllara hem sag-aman Oraza baýramyny garşylamak... ýaly pikirler beýan edilýär.

 

Şemşat KUWWADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.