Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ýangyç-energetika toplumynyň oňyn ösüşleri
  05.05.2023
896
Ýangyç-energetika toplumynyň oňyn ösüşleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny artdyrmak, milli ösüşli üstünliklerimizi dünýä ýaýmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin uly işleri ýola goýýar. Häzirki wagtda ýangyç-energetika toplumy ugry boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan çäreler bu babatda nusgalyk bolup durýar. Bu ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi, energiýa serişdeleriniň iberilmegini, milli we sebit gaz ulag düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin möhüm ädimler ädildi. Häzirki wagtda beýleki energiýa serişdelerinden tapawutlylykda, dünýäde ýangyç serişdelerini sarp etmegiň düzüminde mawy ýangyjyň artýandygy bellidir. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Türkmen topragy — tebigy baýlyklaryň hazynasy. Diňe ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň özi-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda öňden däp bolup gelýän strategik hyzmatdaşlar bilen bir hatarda öz energiýa hyzmatdaşlygyny Ýewropa, Aziýa, uzak gündogar we günorta-günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy». Ýurdumyzy durnukly ösdürmek maksady bilen, energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýa ýoly boýunça ösdürmek baradaky başlangyçlary bu gün oňyn netijesini berýär. Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak hem-de toplumlaýyn gaýtadan işlemek ulgamynda uzakmöhletleýin taslamalary amala aşyrmak üçin degişli işler geçirilýär. Türkmenistan bu taslamalary durmuşa geçirmek bilen, energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän döwlet hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportunyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze usullaryny işjeň ösdürmegiň hasabyna hil taýdan düýpli özgerýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamyndaky maýa goýum syýasaty köp babatda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen kesgitlenilýär. Şeýle-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda geljegi uly işläp taýýarlamalara, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak meselelerine möhüm orun berilýär. Bularyň ählisi bolsa, täze taslamalara hem başlangyçlara badalga bermek bilen, bu pudagyň geljekki ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak esasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň kämil ulgamyny döretmek döwlet strategiýamyzyň esasy ugurlary bolup durýar. 

 

Kerwen YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.