logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Economics /Watanymyzyň sanly bilim ulgamynda buýsandyryjy ösüşler gazanylýar
  23.08.2021
663
Watanymyzyň sanly bilim ulgamynda buýsandyryjy ösüşler gazanylýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine, umumybilim berýän orta mekdeplere, mekdebe çenli çagalar edaralaryna kämil innowasion tehnologiýalar, sanly tilsimatlar ornaşdyrylýar.

Bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaşlara kämil bilim-terbiýe bermekde bilim işgärlerine, şol sanda sanly innowasiýalara aýratyn orun degişli. Ilki, bilen milli bilim ulgamymyzyň maddy-enjamlaýyn, usulyýet binýadynyň düýpli kämilleşdirilýändigini, bu ulgama innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny, sanly bilimi ösdürmek boýunça düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris.

Dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda sanly bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde okatmagyň innowasion çemeleşmelerinden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan raýatlarymyz netijeli peýdalanýarlar. Konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilimli, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem buýsandyryjy ösüşler gazanylýar. Muny talyp ýaşlarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň kämil innowasiýalardan baş çykaryp, halkara derejesindäki bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmekleri, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary aýdyň tassyklaýar. Bu bolsa olaryň ýurdumyzyň ösmegine mynasyp goşant goşjak raýatlar bolup ýetişmeginde giň ýollary açýar.