logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryldy
  03.06.2023
923
Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryldy

2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabatynyň başynda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Wise-premýer oba hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza netijeli zähmet çekmäge döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrylandygyny aýtdy. Biz ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleri ýerine ýetirýäris. Geljekde-de bu pudaga uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.