logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Watan daýanjy - bilimli ýaşlar
  09.06.2023
1381
Watan daýanjy - bilimli ýaşlar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz röw­şen gel­je­gi­miz bo­lan ýaş­la­ra ýüz­le­nip, şeý­le bel­le­ýär: «Biz Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öňü­miz­de be­lent mak­sat­la­ry goý­duk. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de yna­nyş­ma­gy ber­kit­mek we­zi­pe­le­ri­ni öňe sür­dük. Şu be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek­de ýur­du­my­zyň ýaş ne­sil­le­ri­ne aý­ra­tyn bil bag­la­ýa­rys». Şu pa­ra­sat­ly söz­ler­den gör­nü­şi ýa­ly, ýaş ne­sil­le­riň bi­lim­le­ri, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry, be­lent mak­sat­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de berk bin­ýat­dyr. Şeý­le be­lent yna­my öde­mek tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň be­lent ruh­ly ýaş­la­ry­nyň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Mu­nuň üçin ýaş­lar hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ylym-bi­lim öw­re­nip, dür­li hü­när­le­ri us­sat­lyk bi­len ele al­ýar­lar.

Bilim özgertmeleriniň esasy maksady edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil hünärli, ilhalar nesilleri kemala getirmekden ybarat bolup, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginde ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan has-da kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, döwrebap okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmak, okadylyşyň hilini innowasion tehnologiýalaryň hasabyna gowulandyrmak arkaly kämil bilim ulgamy döredildi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky ýadawsyz aladasynyň aýdyň netijesidir.

Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň hem ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, internetiň üsti bilen bu ugurdaky maglumatlar, bularyň bary okuwçylardyr talyplaryň, tutuş halkymyzyň ruhy baýlygyny, başarnygyny artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagyna, şeýle hem tutuş jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berdi.

Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Rüstem PÄLWANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.