logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi
  15.12.2025
515
V Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň çäginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan geçirilen V Açyk halkara internet olimpiadasy aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Fizika ugry boýunça guralan bu bäsleşik Türkmenistanyň hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden 53 sany ýokary okuw mekdebinden 378 talyby bir ýere jemläp, zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döretdi. Gatnaşyjylar meseleleri häzirki zaman sanly tehnologiýalardan peýdalanyp üstünlikli çözmek bilen, öz bilim derejesini subut etdiler.

 

Olimpiadada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bilen bir hatarda Russiýa, Özbegistan, Hytaý, Belarus, ABŞ ýaly döwletleriň talyplary hem ýokary netijeleri gazandylar. Ýeňijilere diplomlar we sowgatlar gowşuryldy. Gazanylan bu üstünlikler ýurdumyzyň ýaşlarynyň şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň bütin halkyna ýetirýän ajaýyp sowgadyna öwrüldi.

 

Şu günlerde mugallymçylyk institutynyň tebigy bilimler fakultetiniň talyplary hem üstünlikli çykyş edip, Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan guralan IV halkara internet olimpiadasynda 9 baýrakly orny eýelediler. Olaryň arasynda altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolanlar hem bar. Bu netijeler talyplaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny täzeje görkezýär.

 

Kafedranyň müdiri Maýsa Weýisowa talyplaryň üstünlikleriniň netijeli taýýarlyk işleriniň miwesi bolandygyny belläp, geljekde hem ýaşlara döwrebap, ýokary derejeli bilim bermegiň esasy ugur bolup galjakdygyny nygtady. Halkara internet olimpiadalarynda gazanylan bu ýeňişler hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralaryň ruhuny has-da belent derejä göterýär.

 

Zöhre BAZARKULYÝEWA,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň
21-nji orta mekdebiniň ekologiýa mugallymy.