logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Üzärlik
  16.06.2021
1276
Üzärlik

Haşal derman ösümligiň dünýäde 6 görnüşi, Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar. Ösümlik başgaça ýüzärlik, iswent, adrappan, zäldirk diýip atlandyrylýar. Üzärlik- üzärlikler maşgalasynyň ady bir urygynyň boýy 30-50 sm ýetýän köp ýyllyk otjymak wekili. Onyň toprakda ösen okptint köki ýerleşýär. Ol aprel aýyndan tä güýziň ahyryna çenli ösýär. Ösümlik aprel aýynyň ahyrynda maý aýynda gülleýär, iýunda miweleýär, güýziň ahyrynda tohumy ýetişýär.

Ösümlik gurakçylyga örän çydamly. Güýçli kökleri dikligine topragyň 4-5 metr çuňlugyna aralaşyp bilýär. Ol toýynly we çägesöw toprakly ýarym çöllik düzlüklerde hem dag eteklerinde, kä halatlarda deňiz derejesinden 2800 metr belentliklere ýetýän daglarda bitýärler. Ösümligiň 1000 tohumynyň agramy 2-3 gram çykýar. Bir düýp ösümlikde 282-437-ä çenli gozajyklar emele gelýär.

Diýarymyzda ösümlik günörta-günbatar köpetdagda: çukurgalada, hojagalada, magtymgulyda, degirmenlide, merkezi köpetdagda: robergowskiýde, perwomaýskiýde, wannowskiýde, gökderede, duşakerekdagda, çaýekde, meýrebapda, germapda, mürjedagda, arçabilde, gurtly suwda, howdanda, gündogar köpetdagda, bathyzda we garabilde, köýtendagda köpçülikleýin duşýar.

Üzärlik ýurdymyzdaky seýrek ot-çöpleriň hataryna goşulmaýar. Dermanlyk maksatlar üçin gory ýeterlik. Ülkämiz boýunça üzärlikli otlyklar takmynan 150-350 gektara deňdir. Üzärligiň gür otlyk bir gektar ýerinde 1400-42000 çenli ösümlik duşýar. Ösümligiň gury otynyň hasyllygy 1 gektara 7-9 sentnere barabar. Tohumyň hasyllylygy 4-5-den 10-12 sentnere çenli. Her ýylda takmynan 80 tonna gury çig maly ýygnamaga mümkinçilik bar.

Lukmançylyk maksatlary üçin üzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Onuň otyny ir baharda gunçalaýan wagtynda ýygnamaly. Çig maly adaty usylda kölegede guratmaly hem taýýarlamaly. Taýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltada saklamaly. Möhleti 1-2 ýyl. Şol bir çig mal ýygnalýan meýdança 1-2 ýyl maý bermeli. Ol tebigy ýagdaýda ösümligiň dikeldilmegini üpjün eder.

Demgysmada üzärligiň  5-10 dänesini her gün 3 gezek agzyňa atmaly ýa-da olary gaýnadyp suwyny içmeli. Oňat guradylan otynyň 1 nahar çemçesini çaklaňrak jama salyp otlamaly. Tüssesine özüňi tutmaly, jamyň üstüne egilmeli, tüsse daşara çykmaz ýaly üstüne örtük atmaly. Şu bejeriş usuly sowuklamadan gutylmaga kömek eder, asgyrma we buryn dykylma dessine aýrylýar.