Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düzümini halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmek, binýadyny berkitmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu asylly işler diýarymyzyň dürli künjegindäki esasy ýollary üstaşyr ulag geçelgelerine birikdirmek, sebiti we yklymlary birleşdirýän ulag geçelgelerini diwersifikasiýalaşdyrmaklyga gönükdirilendir. Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän syýasatyň netijesinde ulag-aragatnaşyk toplumynyň ykdysady görkezijileri örän guwandyryjydyr. Milli ulag ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň durnukly ösüşine saldamly goşant goşýar. Eziz ýurdumyzyň geografik ýerleşişi taýdan amatly artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, ulag üstaşyr gatnawlarda eýeleýän möhüm ornuny has-da berkitmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň netijesinde durmuşa geçirilen iri taslamalar ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, durmuş bähbitleriniň has-da ýokarlanmagyna getirdi. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de onuň ýurdumyzdaky bölekleriniň has-da kämilleşdirilmegi ösüşiň artmagyna, pudaklardaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna, täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir edýär. Netijede ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýy, eýeleýän orny barha pugtalanýar. Transmilli geçelgeleri döretmek strategiýasynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň dört künjüne sary uzaýan ýollar guwandyryjydyr. Dürli ýurtlar bilen üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurda edilýän işlere mynasyp goşant bolup hyzmat edýär. Ýük gatnawlarynyň, üstaşyr ýük geçirilişiniň möçberini artdyrmakda, söwda dolanyşygyny giňeltmekde, eksport-importyň deňagramlylygyny üpjün etmekde ulag-logistika ulgamynyň gazananlary bellärliklidir. Alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemekde tebigy serişdeleri, geografik taýdan amatly ýerleşişi, üstaşyr mümkinçilikleri babatda ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlikdäki artykmaçlyklary esas bolup çykyş edýär. Çünki häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan möhüm başlangyçlaryň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan doly goldaw tapýandygy we gazanylýan guwandyryjy netijeler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny barha döwrebaplaşdyrmak babatdaky işler üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga şert döredýär. Şeýle bagtyýar hem ajaýyp zamanada işlemäge, döretmäge, halal zähmet çekmäge uly şertleri döredip berýän, eziz Watanymyzy hemmetaraplaýyn gülledip ösdürýän Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!
Umyt GARLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň mugallymy.