Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly wakalara, beýik zähmet üstünliklerine beslenýär. Beýik şahsyýetlere mahsus danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli türkmenistanlylaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar dur.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” - diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzy beýgeltmäge çagyrýar. Bu beýik ynam milli däp-dessurlarymyzy dogry berjaý etmek we ýokary adamkärçilikli nesil bolup ýetişmek bilen aýrylmaz baglydyr. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministirligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli - 2025 ” atly gözellik bäsleşigini geçirýär.
Ynha bu gün “Talyp gözeli - 2025 ” atly gözellik bäsleşigi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde uly şatlyk, şowhun bilen geçirildi. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdebimiziň her fakultetinden bir talyp gyz özüniň zehinini, ukyp-başarjaňlygyny açyp görkezmek maksady bilen öz aralarynda bäsleşdiler.
Bäsleşigiň birinji şertinde bäsleşige gatnaşýan talyp gözellerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji ”Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylyny dabaralandyrmak ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsleşige gatnaşýan talyp gözellerimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp türkmen milli tagamy bolan unaş kesdiler.
Bäsleşigiň üçünji şertinde ”Hünärim bar hormatym bar” - bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp gyzlarymyz özüniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.
Bäsleşigiň emin agzalary bäsleşige gatnaşan talyp gyzlara adalatly baha berip, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler.
Halkymyzy asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri, mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Uniwersitetiň baş baýragyna biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň birinji ýyl talyby Hojanazarowa Enekäbe baş baýraga mynasyp boldy.
Seýýara Saparowa,
Tükmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň ilkinji
zenanlar guramasynyň başlygy,
uniwersitetiň uly mugallymy.