logo

Soňky täzelikler:
✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
  01.12.2022
1141
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine HHR-iň ozalky Başlygy, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäri Szýan Szeminiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hatynda: «Szýan Szeminiň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Hytaý dünýäniň örän ýokary ösüş depgini bolan öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Szýan Szemin baradaky ýagşy ýatlama biziň kalplarymyzda ebedilik galar» diýip belledi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi. 

 

TDH.