Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy-Watanymyzyň mukaddes nyşanlary
  12.05.2021
727
Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy-Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

      Diýarymyzda ähli babatda gazanylýan üstünlikler dabaralar bilen baýramlara ulaşýar. Her ýylyň 18-nji maýynda bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni belent joşguna beslenip, ata Watanymyzyň milli buýsançlaryna bolan guwanjyny goşalandyrdy. Diýarymyzyň berkararlygyny, bagtyýar durmuşyny, halkymyzyň abraý-mertebesini alamatlandyrýan buýsançlarymyz bolan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilen güni bilen bilelikde bellenilmeginde hem aýratyn many bardyr.  Diýarymyzda halkymyz eşretli durmuşda, asuda asmanyň astynda belent parlaýan Döwlet baýdagynyň saýasynda Bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Milletimiziň döwlet ösüşiniň bitewüliginiň baýramynda ýurdumyzyň esasy kanunynyň, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan Döwlet Baýdagy öz beýanyny tapýar.

      Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz hem hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň ebedi ýörelgelerini- parahatçylygy we agzybirligi, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, onuň geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň edip, milletiň kämil nyşanyna öwrülmegine getirdi. Arassa asmanyň astynda, asuda, parahat ýurdumyzda erkana parlaýan türkmen Tugy halkymyzyň şamçyragy, mertebe mukamydyr. Ol halkyň milli özboluşlygyna, ruhy ýörelgelerine esaslanyp, öz reňkini tebigatdan almagynda uly keramat bardyr.

     Konstitusiýa jemgyýetdäki tertip-düzgüniň, agzybirligiň kepilidir. Bu bolsa, döwletiň kanunçylyk binýadynyň berkligine, şeýle hem, kanunlaryň jemgyýetde doly we dogry berjaý edilmegi bilen berk baglydyr.

  Ata watanymyzda alnyp barylýan ägirt uly möçberli özgertmeler syýasaty, durmuşymyzyň ähli ugurlary babatda ýaýbaňlandyrylýan maksatnamalary hut Konstitusiýamyzdan gözbaş alýan ynsanperwer başlangyçlara esaslanýar. Ýurdumyzyň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagy, barha täze üstünlikler bilen ilerleýän joşgunly gadamlary, Diýarymyzyň hukuk binýadynyň berkliginden habar berýär.

     “Biz buýsançly parlaýan ýaşyl Tugumyzyň saýasynda mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasatymyzy amala aşyrmakda “ Döwlet adam üçindir!” diýen taglymata eýerýäris” diýip, belleýän hormatly Prezidentimiz kämil hukuk binýatly Watanymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýynyň barha belent derejelere ýetmegi ugrunda uly aladalary edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrýar, ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady, ylym we medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny berkidýär. Milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk ýetirmek maksady bilen ýurdumyzda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşyna, milli häsiýetlerine esaslanýan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alýan kanunlaryň kabul edilmegi üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. Goý, ýaşyl Tugumyzyň parlak keşbi eziz Watanymyzyň şanyna şan, hormatyna hormat goşsun!