logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy «ISO» güwänamasyna eýe boldy
  13.08.2022
1211
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy «ISO» güwänamasyna eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy alyp barýan işleriniň halkara ülňülere laýyk gelýändigini kepillendirýän Standartlaşdyrmagyň halkara guramasynyň (ISO) güwänamasyna ikinji gezek eýe boldy. Ilkinji gezek, «ISO» güwänamasy 2019-njy ýylyň awgustynda Awazada geçirilen I Hazar ykdysady forumynyň çäginde gowşurylypdy.

Iýul aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda SGS halkara audit kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan audit we menejment barlaglary geçirildi. Barlaglaryň netijesinde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigi anyklandy. 10-njy awgustda bolsa, şweýsar audit kompaniýasynyň wekili tarapyndan menejment we hil babatda ISO 9001:2015 güwänamasy gowşuryldy.

Belläp geçsek, üstümizdäki ýyl Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň döredilenine 28 ýyl dolýar.