logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň umumy möçberi 88 milliard 116 million manada deň boldy
  10.11.2022
1284
Türkmenistanyň banklarynyň beren karzlarynyň umumy möçberi 88 milliard 116 million manada deň boldy

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 88 milliard 116 million manada deň boldy. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,7% ýokarydyr. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 75 milliard 481 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 58 milliard 206 million manada barabar boldy. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,1% ýokarydyr.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 53 milliard 360 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 11 milliard 870 million manada (2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 57,7% ýokary),  2022-nji ýylyň 1-nji oktýabr ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 18 milliard 40 million manada deň (2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23,6% ýokary) boldy.